2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda «Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa» atly halkara maslahaty geçirildi. Bu iri maslahata migrasiýa bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Merkezi Aziýa we sebit döwletleriniň bilermenleri we hünärmenleri, BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň agzalary, Türkmenistanyñ Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahata wideoaragatnaşyk arkaly halkara guramalaryň bilermenleri we hünärmenleri hem goşuldylar.
Maslahatyň dowamynda wekiliýetler “Häzirki zaman talaplaryna laýyk usullar: şahsyýeti anyklamak we resminamalary dolandyrmak”, “Ekologiýa bilen bagly kanunçylyklar we olaryň migrasiýa edýän täsiri”, “Raýatsyzlyk we ony aradan aýyrmagyň ýollary hem-de hukuk taýdan çözgütleri”, “Migrasiýanyň geljegi: innowasiýalar we sanly çözgütler” hem-de “Sebitleýin hyzmatdaşlyk: parahatçylyk we ynam durnukly ösüşiň esaslary we netijeli migrasiýa syýasatynyň binýady” atly mowzuklarda çykyş edip bular babatda ileri tutýan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýurdumyzda halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa bilen bagly meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň hem-de ynsanperwer syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.